Hususy pudagyň ösüşine bagyşlanan giň gerimli sergi

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen nobatdaky iri ykdysady çäreleriň biri — hususy pudagyň mümkinçiliklerini açyp görkezýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi giň jemgyýetçiligiň üns merkezinde boldy. Bu sergi 17-nji martda öz işine başlady.

Sergi meýdançasynda dürli ugurlarda iş alyp barýan müňlerçe telekeçiniň gazanan netijeleri giňden görkezildi. Oba hojalygyndan başlap, azyk önümçiligine, dokma senagatyndan gurluşyk pudagyna çenli uzap gidýän bu giň gerimli görkeziliş hususy pudagyň häzirki döwürde ykdysadyýetde eýeleýän ornuny açyk görkezdi. Aýratyn hem ýerli önümçiligiň ösdürilmegine, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişine gönükdirilen taslamalar myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Soňky ýyllarda türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri aýratyn bellärliklidir. Ýyladyşhana hojalyklarynda ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň öndürilmegi, azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň içerki bazary doly üpjün etmegi hem-de täze önümçilik ugurlarynyň ýola goýulmagy bu ösüşiň aýdyň mysalydyr. Şeýle ýagdaýlar diňe bir içerki bazaryň üpjünçiligini güýçlendirmän, eýsem eksport mümkinçilikleriniň hem giňelýändigini görkezýär.

Sergi bilen ugurdaşlykda geçirilýän halkara forum bolsa ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilýär. Işewür duşuşyklar, pikir alyşmalar we täze taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu çäräniň geljegi kesgitleýän möhüm ykdysady platformadygyny tassyklaýar. Bu sergi 19-njy martda tamamlanar.

Gurbanjemal KUMŞIROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok