Häzirki döwürde energetika pudagy ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Bu ugurda önümçiligiň durnuklylygyny üpjün etmek, energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmak we ulgamyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň orny barha artýar. Döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy energetika pudagynyň täze ösüş derejesine çykmagyna mümkinçilik berýär.
Energetika ulgamynyň awtomatikasy elektrik energiýasynyň öndürilişinden başlap, onuň paýlanyşyna çenli ähli tapgyrlarda möhüm ähmiýete eýedir. Awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary enjamlaryň işini yzygiderli gözegçilikde saklamaga, ýüze çykýan näsazlyklary wagtynda anyklamaga we önümçiligiň üznüksizligini üpjün etmäge ýardam edýär. Şeýle çemeleşme energiýa ýitgilerini azaltmaga hem-de hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýär.
Sanly dolandyryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen maglumatlary real wagt tertibinde seljermek mümkinçiligi giňelýär. Bu bolsa dolandyryş çözgütleriniň has takyk kabul edilmegine, ulgamyň işiniň öňünden meýilleşdirilmegine we howpsuzlygyň ýokarlanmagyna getirýär. Şeýle hem, awtomatika işgärleriň zähmetini ýeňilleşdirip, önümçilik prosesleriniň netijeliligini artdyrýar.
Aýtäç ÖWLÜÝÄGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler