TOHU-da eksport mümkinçiliklerine bagyşlanan açyk sapak geçirildi

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Eksportyň esaslary: kärhanalar halkara bazarlaryna nädip çykýarlar” atly açyk sapak geçirildi. Duşuşyk ýaşlaryň telekeçilik ukyplaryny ösdürmek, halkara söwda gatnaşyklary barada düşünjelerini giňeltmek hem-de eksport mümkinçilikleri boýunça maglumat bermek maksady bilen guraldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi bilelikde gurady.

Açyk sapakda satyş boýunça bilermen Azat Annadurdyýew çykyş edip, häzirki wagtda kärhanalaryň halkara bazarlaryna çykmagynyň möhüm ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol eksport işiniň esaslary, daşary ýurt bazarlaryny öwrenmegiň usullary hem-de önümleriň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolmagynyň esasy şertleri barada möhüm maglumatlary paýlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda global söwda mümkinçilikleri, eksport strategiýalaryny işläp taýýarlamagyň aýratynlyklary hem-de kärhanalaryň daşary ýurt bazarlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollary barada hem durlup geçildi. Şeýle hem çykyşda eksporty ösdürmekde marketing strategiýalarynyň, bazar seljermeleriniň we halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Açyk sapagyň dowamynda talyp ýaşlar çykyş edijä özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berip, eksport işini ýola goýmak we halkara bazarlarynda üstünlik gazanmak boýunça peýdaly maslahatlary aldylar. Şeýle duşuşyklaryň ýaşlaryň ykdysady bilimlerini artdyrmaga, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge we halkara ykdysady gatnaşyklaryna bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga ýardam berýändigi bellenildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok