Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça brifing geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan brifing geçirildi. Onuň dowamynda 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenip, 2026-njy ýyl üçin esasy ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Brifinge Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de ÝB-niň institutlarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň açylyşynda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şeýle-de syýasy, ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn hem-de depginli häsiýete eýedigi bellenildi.

Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan syýasy dialogyň netijeleri, şol sanda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy, Samarkant şäherinde geçirilen ilkinji «ÝB – Merkezi Aziýa» Sammiti, şeýle hem ýokary we iň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri giňişleýin beýan edildi. ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça Bilelikdäki Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginiň hem-de Global Gateway başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Taslama-maýa goýum hyzmatdaşlygyna möhüm orun berildi. Türkmenistanda daşky gurşaw, sanlylaşdyrma, ulag, kanunyň hökmürowanlygy hem-de hususy pudagy goldamak ýaly ugurlarda ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän 30-a golaý taslamanyň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenildi.

Şeýle hem parlamentara dialog, Adam hukuklary boýunça dialog, bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda DARYA başlangyjy hem-de «Horizon Europe» maksatnamasy bilen gatnaşyklary ösdürmek, ulag baglanyşygy we Hazarüsti ugry kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlar kesgitlenildi.

Mundan başga-da, 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, şol sanda bilelikdäki komitetiň mejlisi, ministrler derejesindäki duşuşyklar we beýleki çäreler barada maglumat berildi. Brifingiň netijesinde taraplaryň 2026-njy ýylda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we onuň amaly mazmunyny çuňlaşdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Nurana SAPARGULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok