Türkmenistan–Eýran: hazarýaka döwletleriniň sammitine taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 21–23-nji dekabry aralygynda Hazar institutynyň direktory Myrat Atajanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde boldy. Gepleşikleriň esasy mowzugy Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň öňde boljak sammitine taýýarlyk görmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Käzim Garibabadi we Eýranyň daşary syýasat edarasynyň öňdebaryjy bilermenleri bilen duşuşyklar geçirildi. Gepleşiklerde Hazar sebitinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar aýratynlykda ýedinji Hazar sammitiniň gün tertibine girizilmegi meýilleşdirilýän resminamalar toplumyny ylalaşmaga ünsi jemlediler. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmegiň, sebit howpsuzlygyny üpjün etmegiň, ekologiýa durnuklylygyny saklamagyň we ulag-logistika geçelgelerini ösdürmegiň meselelerinde bitewi çemeleşmeleri işläp düzmegiň wajypdygy nygtaldy.

Tähranda geçirilen duşuşyklar Türkmenistanyň we Eýranyň Hazar deňzi boýunça netijeli dialogy çuňlaşdyrmaga we öňde duran duşuşygy ýokary derejede geçirmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Amanmyrat ESENOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Et-süýt önümlerini gaýtadan
işlemek hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok