Ýaşlaryň arasynda geçirilen «Türkmenistan – mümkinçilikler ýurdy» atly startap bäsleşigi uly üstünlik bilen tamamlandy. Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy tarapyndan bilelikde guralan bu ähmiýetli çäre ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Bäsleşigiň geçirilmegi jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň we bilim ulgamynyň Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatyna ygrarlydygynyň hem-de Türkmenistanyň innowasion ösüşini höweslendirmäge ymtylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda badalga alan bäsleşik öňüne uly maksatlary goýdy: ýaşlaryň we hünärmenleriň telekeçilik işjeňligini höweslendirmek, şeýle hem milli ykdysadyýete we jemgyýete anyk peýda getirip biljek iň gowy innowasion pikirleri ýüze çykarmak we goldamak. Türkmenistanyň geljegi üçin strategik taýdan möhüm bolan iki ugra – azyk bolçulygyna we innowasiýalara aýratyn üns berildi.
Bäsleşigiň eminleriniň öňünde azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, agrosenagat toplumyny ösdürmäge hem-de oba hojalygynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen iň geljegi uly taslamalary saýlap almak ýaly çylşyrymly wezipeler durdy. «Innowasiýalar» nominasiýasynyň çäklerinde sanly ykdysadyýete geçiş üçin täzeçil çözgütler gözlendi. Hut şu ugurlarda ýurdumyzyň gülläp ösmegine we raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Prezident maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikler jemlenendir.

Bäsleşige gatnaşýanlar arzalary onlaýn hem-de oflaýn görnüşde tabşyryp bildiler. Taslamalary mekdep okuwçylary, talyplar, ýaş mugallymlar, täze işe başlaýan telekeçiler, agrar pudagyň wekilleri, şeýle hem startap toparlary we innowasion pikirleriň aýratyn awtorlary hödürlediler. Bilermenler topary tarapyndan geçirilen deslapky saýlamadan soň, ýarym finala 23 bäsleşige gatnaşýan saýlanyp alyndy. Olar üçin gysga möhletli intensiw okuw kursy guraldy. Onuň çäklerinde gatnaşyjylar taslamalary (startaplary) dolandyrmak, täsirli prezentasiýa geçirmek we maýadarlary çekmek boýunça gymmatly başarnyklary gazandylar.
«Azyk bolçulygy» nominasiýasynda dürli ugurlary öz içine alýan taslamalar hödürlendi. Olaryň hatarynda göçme guşçulyk toplumlaryny, ekofarmalary, «akylly» gazanhana ulgamlaryny döretmek, oba hojalyk haýwanlaryny ösdürmegiň täze we has netijeli usullary, kädi ununy, bio-çaýy, AGRO-azyk önümlerini öndürmek, şeýle hem duzly suwuň energiýasyny peýdalanmak ýaly teklipler bar.
«Innowasiýalar» nominasiýasy bilim üçin programma üpjünçiligini döretmek, maliýe meýilnamalaryny taýýarlamak, hyzmatlaryň tölegini amala aşyrmak üçin ulgamlary işläp düzmek, smart-kadastr ulgamyny döretmek we beýleki geljegi uly ugurlardaky taslamalary jemledi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Senagatçylar we telekeçiler üçin Halkara uniwersitetinde geçirildi. Bu ýerde açyk prezentasiýa görnüşinde gatnaşyjylar öz taslamalaryny abraýly eminler toparynyň, potensial maýadarlaryň we giň jemgyýetçiligiň öňünde goradylar. Eminler toparynyň düzümine işewürler, IT-hünärmenleri, ykdysatçylar, bäsleşigi guraýjylaryň wekilleri, şeýle hem «Ojar Aziýa», «Türkmen Maslahatçylar topary», «Hoşzaman», «Awtoýoly», «Ykjamaragatnaşyk» hojalyk jemgyýetleriniň hem-de «Rysgal» bankynyň bölüm ýolbaşçysynyň wekilleri girdi.
Taslamalara baha bermek birnäçe möhüm ölçegler boýunça amala aşyryldy: pikiriň innowasionlygy we özboluşlylygy, durmuş-ykdysady ähmiýeti (azyk garaşsyzlygyna täsiri, derwaýys meseleleri çözmegi), ekologik ähmiýeti, startapy durmuşa geçirme mümkinçilikleri, iş meýilnamasynyň anyklygy we ykdysady netijeliligi, şeýle hem prezentasiýanyň düşnükliligi we ynandyryjylygy.
«Azyk bolçulygy» nominasiýasynda ýeňijiler şu aşakdakylar boldy:
1-nji orun – S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Gülalek Allakulyýewa;
2-nji orun – şol uniwersitetiň 5-nji ýyl talyby Dünýägözel Garlyýewa;
2-nji orun – Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň magistranti Aýna Ýollýewa;
3-nji orun – Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogika institutynyň mugallymy Diýar Yktyýarow;
3-nji orun – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Ymamhassan Abaýew;
3-nji orun – şol institutyň 2-nji ýyl talyby Sapa Hodjanepesow.
«Maglumat tehnologiýalary» nominasiýasynda baýrakly orunlary eýelänler:
1-nji orun – Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Annaorazow;
2-nji orun – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Meýlis Çuriýew;
2-nji orun – S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň stajer-mugallymy Jennet Işanowa;
3-nji orun – Senagatçylar we telekeçiler üçin Halkara uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Merdan Hudaýnazarow;
3-nji orun – Türkmenistanyň IIM institutynyň 5-nji ýyl talyby Akmuhammet Temirow;
3-nji orun – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby Eziz Annaglyjow;
3-nji orun – Türkmenabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Rasul Şahodjaýew.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Senagatçylar we telekeçiler üçin Halkara uniwersitetinde geçirildi. Ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Hormat hatlary, bäsleşigiň baş sponsory bolan «TMT» hojalyk jemgyýetiniň gymmatly sowgatlary, şeýle hem guraýjylar tarapyndan saýlanan taslamalar üçin höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy.
Ýaşlara goldaw bermek Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň aňly strategiýasydyr. Partiýa ýaşlarda häzirki zaman ykdysadyýetiniň geljekki işjeň gatnaşyjylaryny görýär. Şonuň üçin hem partiýa komitetleri olaryň pikirlerini durmuşa geçirmek üçin iň amatly şertleri döretmäge, diňe bir guramaçylyk taýdan däl, eýsem mentorlyk goldawyny bermäge, bilermenleriň bilimlerine elýeterliligi üpjün etmäge we peýdaly işewür aragatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýarlar.
Startaplary ösdürmek we olary biznes derejesine ýetirmek häzirki wagtda bütin dünýäde geljegi uly ugurlaryň biri hasaplanýar. Sebäbi bu ýurtlaryň intellektual kuwwatyny pugtalandyrýar hem-de innowasion we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Şeýle ykdysadyýeti döretmek hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň strategik maksady hökmünde kesgitlenendir.
Bäsleşige hödürlenen her bir startap, baýrakly orun eýelän bolsun ýa-da bolmasyn, geljekki üstünligiň düýbüni özünde jemleýär. Senagatçylar we telekeçiler partiýasy zehinli ýaşlara öz batyrgaý pikirlerini bazar tarapyndan talap edilýän hakyky önümlere we hyzmatlara öwürmekde mundan beýläk hem kömek bermäge taýýar. Munuň üçin ýaşlar üçin şertleri işjeň ösdürmek, olaryň telekeçilik ruhuny ýurduň gülläp ösmegi we raýatlaryň hal-ýagdaýyny üpjün etmek ugrunda kämilleşdirmek zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde partiýa ýaşlar tarapyndan hödürlenýän taslamalary innowasion biznes derejesine ýetirmek maksady bilen telekeçi–potensial maýadarlaryň ünsüni çekmäge hem ymtylýar. Ýaşlaryň joşguny bilen toplanan tejribäniň sazlaşygy güýçli we gülläp ösýän döwleti gurmaga mümkinçilik berer.
Teswirler