Dünýäde çalt üýtgäp durýan ulgamlaryň biri hem ulag-logistika pudagydyr. Harytlaryň tiz, ygtybarly we tygşytly daşalmagy diňe ykdysady bähbit bolmak bilen çäklenmän, halkara hyzmatdaşlygynyň hem täze derejesini alamatlandyrýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Rumyniýa tarapyndan “Hazar–Gara deňiz” aralygynda halkara ulag ugrunyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriligi habar berýär.
Bu ugur diňe bir sebitleri birleşdirmek bilen çäklenmän, ýurtlaryň ykdysadyýetini hem täze mümkinçiliklere ugrukdyrýar.
Gruzýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwrivişwiliniň bellemegine görä, “dörediljek multimodal ýol Hazar sebitini Ýewropa Bileleşigi bilen baglanyşdyrýan täsirli aragatnaşyk ulgamyny emele getirýär”.
Bu ugur arkaly dowamly we netijeli ýük akymy üpjün ediler. Ulag ýolunyň gurluşy diňe bir gatnawlary gysgaltman, eýsem logistika çykdajylaryny hem azaltmaga mümkinçilik berýär. Ugur aşakdakylary öz içine alýar:
Türkmenbaşy portundan Azerbaýjana deňiz gatnawy, Azerbaýjandan Gruziýa demir ýol ulgamy, Gruziýadan Rumyniýa çenli Gara deňiz üsti bilen gatnaw.
Ulag-logistika ulgamy häzirki wagtda ykdysady ösüşiň ýüregi bolup durýar. Täze transport ugry bolsa diňe ulag geçelgesi däl ol ösüşiň, hyzmatdaşlygyň we täze mümkinçilikleriň ýoly bolar diýilip garaşylýar.
Teswirler