13-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sergide ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa goýum taslamalary tanyşdyrylar. Sergä Türkmenistanyň eksport, maýa goýum ugurly pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Munuň özi söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döreder. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady foruma gatnaşmagy boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan daşary ýurtlarda guralýan iri möçberli halkara çäreleriň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de wise-premýere Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady foruma ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly resminama gol çekdi.
Teswirler