Kitap adam ömründe örän möhüm orny eýeleýär. Ol adam ahlagyny terbiýeleýär, dünýägaraýşyny giňeldýär, zehinini ösdürýär. Adam hemişe täze zatlary öwrenmäge, bilmäge isleg bildirýär. Şonuň üçinem kitap onuň öwrenmäge bolan höwesini kanagatlandyrýan baý çeşmedir. Kitap okalanda, adam özüni başga bir dünýäde ýaly duýýar, çünki ol ruhy baýlygyň içine girýär we onuň içki dünýäsinde täzelikler ýüze çykýar. Täsirli kitaplar adama kalbyňy joşdurýan duýgulary bagyşlaýar.
Kitap adam üçin ruhy iýmidir. Magtymguly Pyragy hem: «Kitap okan gullar manydan dokdur» diýip belläpdir. Halkymyz kitap bilen söz sungatyna uly hormat goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitapda aýdylýan: «Bilmeýän zadyňy kitaptan sora», «Kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana» ýaly sözler halkymyzyň kitap bilen bolan gatnaşygyndaky uly hormaty görkezýär. Türkmen halky kitapdan mukaddes zat hökmünde peýdalanyp gelendir. Hatda bir ýaşuly guzy düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalşypdyr. Bu hem halkymyzyň edebiýata bolan söýgüsiniň beýik nusgasydyr.
Ýaşlary Watany söýýän, päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly, bilimli adamlar edip ýetişdirmekde kitap bilen dostlaşdyrmagyň uly ähmiýeti bar. Bu ugurda ýurdumyzda ähli şertler döredilendir. Kitaphanalarda döwrebap tehnologiýalar ulanylýar, bu hem hyzmatlaryň kämilleşmegine ýardam berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda nusgawy edebiýat, halk döredijiligi, ertekiler we ýazgylaryň ýokary hilli neşirleri bilen kitap fondy baýlaşdyryldy we bu iş häzir hem dowam edýär.
Bagtygül GELDIMYRADOWA,
Köýtendag etrabynyň Daşrabat geňeşligindäki
kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.
Teswirler