Türkmenistan 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, zyýanly zyňyndylaryň möçberini umumylykda 10 % azaldyp, daşky gurşawy goramakda düýpli üstünlikleri gazandy. Bu barada “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara maslahatynda bellenip geçildi.
Bu başlangyjyň çäklerinde metan zyňyndylaryny tapgyrlaýyn azaltmagyň strategiýasy kabul edildi, bu bolsa ýurdumyzyň ekologiýa standartlaryna we durnukly ösüşe ygrarlylygyny görkezýär.
Bu strategiýa ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda energetika we oba hojalygy pudaklarynda metan zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen çäreleri öz içine alýar. Garaşylyşy ýaly, bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi diňe bir howanyň hilini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, energetika netijeliligini hem ýokarlandyrar.
Türkmenistan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlary bilen işjeň hyzmatdaşlyga ymtylýar. Bu bolsa zyňyndylary has netijeli dolandyrmak üçin tejribe we tehnologiýalary alyşmaga mümkinçilik berýär.
Kabul edilen çözgütler howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy maksatlara laýyk gelýär we ýurdumyzyň sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaklyga goşandyny goşmak meýillerini subut edýär.
Ataberdi BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler