Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilendigini belläp, Türkmenistanyň sport ýurdudygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri şunuň bilen baglylykda, halkara sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak boýunça özüniň teklipleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň möhüm kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi teklip etdi.
Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda netije gazanan ýaşyl Tugumyzy parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlanar, mynasyp bolan sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Ýeri gelende belläp geçsek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň saglygyny berkitmek we dynç almak üçin barýan ýerleriniň biri Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýoludyr. Dag eteginiň tämiz howasynyň ýakymy, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemleýän künjek ol ýere baranlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.
Mekan AZADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler