Ilkinji telewideniýe hakynda

Ilkinji telewideniýe taryhda 1923-nji ýylda John Logie Baird tarapyndan Angliýada döredilipdir. Ilki Ilkiler görkezilýän wideoşekiller titräp durýan şekilde bolupdyr we wagtyň geçmegi bilen Braid tarapyndan kämilleşdirilipdir. Angliýanyň kiçijik bir şäherinde tutuş dünýä ýaýran telewizorlar we telewideniýe 1950-nji ýyllarda reňkli görnüşde köpçülige hödürlenip başlapdyr.

Ýöne satuwda reňkli telewizorlaryň bahasynyň has gymmat bolmagy olaryň tiz ýaýramagyna böwet bolupdy we köp wagt aldy. Telewideniýäniň ýeke-täk girdejisi Reklama hyzmatlaryndan alynýan girdejileridir. Dünýä standartyna laýyklykda ýaýlymda goýberilýän reklamalaryň dowamlylygy 12 minutdan ybarat bolup onuň 3 minudy dürli bildirişlere berilýän wagtdyr. Hemişe biziň durmuşymyzda bolan öz görnüşini tiz üýtgedýän telewizorlaryň täze nesli Plazma ýa-da LCD telewizorlarydyr.

Beýikligi 211 metr bolan Köpetdagyň eteginde ýerleşýän “Türkmenistan” teleradiogepleşikler merkeziniň döredilmegi bilen türkmen telewideniýesi has-da pajarlap ösdi. Häzirki wagtda özüniň biri-birinden gyzykly gepleşikleri bilen 8 sany teleýaýlym türkmen muşdaklaryny begendirýär.

Güljahan ŞERIPOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok