Öz-özüni bejerýän janly derili robot ýüzi döredildi

Alymlar bejerip we duýup bilýän kiborgy döretmäge synanyşanlarynda, adam ýüzüne meňzeş janly deri bilen örtülen robot ýüzüni döretdiler.

Deriniň Tokio uniwersitetiniň gözlegçileri tarapyndan has hakyky gumanoid robotlary döretmek üçin ulanylyp bilinjekdigi mälim edilýär. Deri ýörite taýýarlanylan laboratoriýa gurşawynda döredildi.

Täze açyşa ýolbaşçylyk eden professor Şoji Takeuçi: “Bu janly deri, adamlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan we saglygy goraýyş we hyzmatlar ýaly kategoriýalarda adam ýaly funksiýalary talap edýän robotlar üçin aýratyn peýdaly bolar” – diýip belläp geçdi.

Häzire çenli laboratoriýada döredilen ösen deri ýönekeý ýylgyrýan robot ýüzüne berkidildi. Adam derisiniň ýaralaryny bejerişi ýaly, robotyň derisi zaýalanan halatynda özüni bejerip bilýär. Duýgurlyk we temperaturany kesgitlemek ýaly duýgur funksiýalaryň birleşmegi janly dokumalar bilen amala aşyrmak has aňsat bolar.

Laboratoriýada ösen deri iki esasy öýjük görnüşinden durýar. Birinjisi aşaky gatlagy emele getirýän dermal öýjükler, ikinjisi daşky gatlagy emele getirýän epidermal öýjüklerdir. Dermal öýjükler ilki bazany emele getirýär, soň bolsa epidermal öýjükler deriniň ähli gurluşyny emele getirýär.

Deriniň üstki gatlagynda ýelim hökmünde hereket edýän we deriniň howpsuz ýapyşmagyna kömek edýän kollagen jeli bar. Bu usul adam derisindäki tebigy deri baglanyşyklarynyň gurluşyna meňzeýär.

Aýjan RÖWŞENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok