Alymlar düýşleri ýazgy edýän enjamy döretdiler

Ýaponiýanyň Kýoto şäherindäki Neýroologiýa barlaghanasynyň alymlary adamlaryň düýşlerini ýazgy etmek üçin herekete geçdiler. Alymlar geçiren gözleginde üýtgedilen magnit-rezonans tomografiýa maşynyny, şeýle hem elektroensefalogramma enjamyny ulandylar.

Gözlege gatnaşan üç sany adam 10 günüň dowamynda her gün 3 sagat magnit-rezonans tomografiýa skanerine ýerleşdirildi we uky wagtynda beýniniň işjeňligine gözegçilik edildi. Elektrodlar arkaly beýnide ýüze çykýan ownuk elektrik signallaryny almak üçin gatnaşyjylaryň kellesine elektroensefalogramma enjamy goýuldy.

Gözlegde alymlar gatnaşyjylarda REM däl ukynyň birinji tapgyryna ünsi jemlediler. Bu etap ukudan birnäçe minut soňy öz içine alýar. Gatnaşyjylar REM däl ukynyň birinji tapgyryna girenlerinden soň oýandylar, hünärmenler düýşlerinde görenlerini aýtmagy haýyş etdiler we bu amal takmynan 200 gezek gaýtalandy.

Soňra soralyp alnan maglumatlar deňeşdirildi we derňew üçin emeli aň programmasyna ýüklendi. Gözlegiň netijesinde alymlar gatnaşyjylaryň düýşleriniň esasy şekillerini döretmegi başardylar we wideoýazgyda bir ýere jemlediler.

Netijede emeli aňyň döreden wideosy geçirilen gözlege gatnaşyjylaryň gören düýşlerine gaty laýyk geldi. Gözleg, algoritmiň gatnaşyjynyň düýşünde görýän zadyny 60 göterim öňünden çaklap biljekdigini ýüze çykardy.

Gülälek SÖÝÜNOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok