Özbegistanly türgenler uçar çekmegiň tizligi boýunça Ginnesiň rekordyny täzeledi

Özbegistanyň Bedenterbiýe we fitnes federasiýasynyň 6 türgeninden ybarat topar, “7SABER” ady bilen çykyş edip, 46,7 sekuntda 13,5 tonna agramly ýük uçaryny 100 metre çenli çekip Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy.

Täze dünýä rekordy Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda: “Özbegistanyň bedenterbiýe we fitnes federasiýasynyň topary 46,7 sekuntda 13,5 tonna agramy bolan “Silk Avia ATR 72-600” ýük uçaryny 100 metr aralyga çekip, dünýä rekordyny goýdy.” diýlip çap edildi.

Federasiýanyň prezidenti Timur Sabirow görkezijini “ajaýyp” diýip atlandyrdy we “bu ýazgydan geçmek gaty kyn” boljakdygyna ynam bildirdi. Rekord ilkinji synanyşykda goýuldy. Deslapky türgenleşikde türgenler dürli netijeleri görkezdiler.

“7SABER” ady bilen tanalýan toparyň baş direktory Ginnes rekordyny goýmak ideýasynyň 2021-nji ýylda Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda dörändigini uly ruhubelentlik bilen belledi.

Gunça MYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok