Türkmenistan – Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürer

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ýöriteleşdirilen halkara we sebit guramalary, şol sanda Ýewraziýa patent guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy döredildi.

“Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” bu gullugyň işiniň ulgamlaýyn esasda amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Onuň esasynda awtorlyk hukugyny goramak we hemmetaraplaýyn kepillendirmek üçin halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Ýewraziýa patent Konwensiýasynyň senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnamasyna” goşulmagy meýilleşdirilýär.

Teswirnama goşulmak bilen ýurdumyz üçin birnäçe artykmaçlyklar dörär. Şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde senagat nusgalarynyň hukuk goragyna bagyşlanan sebitleýin maslahat, 2025-nji ýylda bolsa Ýewraziýa patent guramasynyň dolandyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Nurmuhammet MEREDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok