2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionaty ýagny belli bolşy ýaly “UEFA EURO 2024”-iň başlamagyna az wagt galdy.
14-nji iýunda başlajak we bir aý dowam etjek ýaryşy geçirmek üçin geçirilen bäsleşik 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Germaniýanyň peýdasyna tamamlandy. Mundan ozal, Germaniýa 2006-njy ýylda geçirilen FIFA dünýä çempionatyny kabul edipdi.
Ýaryşlar, A toparçada ýer eýesi Germaniýa bilen Şotlandiýanyň arasynda Mýunhen şäherinde 14-nji iýunda 22:00-da başlar. Ýewropa futbolynyň iň uly oýnuny kesgitlejek jemleýji oýun 14-nji iýulda paýtagt Berlinde oýnalar.
Ýewropa çempionatynyň resmi aýdymy germaniýaly aýdymçy Leon tarapyndan 14-nji iýulda Berlindäki Olimpiýa stadionynda ýerine ýetiriler. Aýdymyň ady “Fire” (“O:t”) bolup durýar.
“EURO 2024” – 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda geçiriler.
“EURO 2024”-de çykyş etjek ýurtlar we toparlar:
- A toparda: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa, Şweýsariýa;
- B toparda: Ispaniýa, Horwatiýa, Italiýa, Albaniýa;
- C toparda: Sloweniýa, Daniýa, Serbiýa, Angliýa;
- D toparda: Polşa, Gollandiýa, Awstriýa, Fransiýa;
- E toparda: Belgiýa, Slowakiýa, Rumyniýa, Ukraina.
- F toparda: Türkiye, Jorjiýa, Portugaliýa, Çehiýa.
Bagtyýar AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler
Jorjiýa däl Gruziýa :)