15 — 17-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň, iýmitleriň hem-de içgi önümleriniň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» 4-nji halkara sergisi geçiriler.
Bu sergä Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalary hem-de işewürleri gatnaşarlar.
Serginiň ekspozisiýalarynda aşakda görkezilen ugurlar giňişleýin şöhlelendiriler:
- Azyk önümlerini öndürmekde ulanylýan enjamlar;
 - Gaplama önümleri hem-de enjamlary;
 - Azyk we iýmit goşundylary:
 - Çörek hem çörek önümleriniň tehnologiýalary;
 - Damjalaýyn suwaryş;
 - Bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary;
 - Guşçulyk hem maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar;
 - Oba hojalyk önümleri;
 - Tohumlar we dökünler;
 - Dürli görnüşli gaplaýjy maşynlar;
 - Iýmleri garyşdyrmak üçin gurallar;
 - Ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalar;
 - Ösümlik ýagyny öndürýän maşynlar;
 - Ýyladyşhanalaryň dürli görnüşleri;
 - Ekinleri goramak üçin mineral dökünler.
 
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Gollandiýanyň, Eýranyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalarynyň 77-si geçen ýyl geçirilen “Agro Pack Turkmenistan 2023” sergisine gatnaşdylar.
Hangeldi ANNADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
            
        
                        
            
        
Teswirler