Diýarymyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Munuň şeýledigini 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygynyň öňüsyrasynda — 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň ulanylmaga berilmeginiň mysalynda görýäris.
«Beýik bina» hususy kärhanasynyň guran ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa ýokary hilli sementiň «PS-400», «PS-500», «PS-600» görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi öndürmäge mümkinçilikleri döredýär. Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologik taýdan arassalygyna, ähli bellenen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi.
Ýurdumyzda hereket edýän zawodlarda ýokary berklige eýe bolan sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär. Olar ýokary hilli önümleri öndürmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda barha ýaýbaňlandyrylýan gurluşyklaryň güýçli depgininiň gazanylmagyna ýardam edýär. Gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa serişdeleriniň, ýurdumyzda döredilen amatly maýa gurşawynyň, telekeçiligi goldamak babatda durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň, şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.
Halk bähbitli, döwlet we sebit ähmiýetli şeýle ajaýyp işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Hojadurdy HOJADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler