2024-nji ýylyň iki aýynda Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2024-nji ýylyň iki aýynda Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu barada, 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde bellenilip geçildi.

2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 107,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,3 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Ýanwar-fewral aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,6 göterim artdy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,3 göterim möçberde saklanýar. Hasabat döwründe senagatda ösüş depgini 5,6 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwda ulgamynda 8,1 göterim, ulag we aragatnaşykda 6,6 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 3,9 göterim boldy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmak üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, nygtady.

Gülnabat ANNADURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok