«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» şu ýylyň 14-19-njy maýy aralygynda geçiriler

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV halkara ykdysady forumy 2024-nji ýylyň 14 – 19-njy maýy aralygynda Kazanda (Russiýa Federasiýasy, Tatarystan Respublikasy) geçiriler.

«KazanForum» – Russiýa bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklary üçin esasy meýdançadyr, bilermenleriň dialogy, möhüm maglumatlary alyşmak, halkara taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek barada möhüm bilelikdäki kararlary kabul etmek üçin uly mümkinçilikdir. Forumyň maksady Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen 57 döwleti öz içine alýan Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, bilim, jemgyýetçilik we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

2024-nji ýylda geçiriljek Kazan forumynyň esasy mowzuklary: Yslam maliýe ulgamy, halal önümleriň senagaty, halkara maýa goýumlary, senagat, innowasion tehnologiýalar, energetika, logistika, syýahatçylyk, diplomatiýa, ESG-niň ýörelgeleri, kiçi we orta telekeçilik, lukmançylyk, sport, media ulgamy we beýlekiler.

«KazanForum» atly foruma gatnaşyjylar – Yslam dünýäsiniň ýurtlaryndan öňdebaryjy bilermenler: halkara guramalaryň, milli diplomatik wekilhanalaryň, yslam din edaralarynyň, döwlet dolandyryş edaralarynyň, maliýe institutlarynyň, iri halkara işewürligiň wekillerinden, parlamentleriň deputatlaryndan, maýadarlardan, telekeçilerden, mdiakorporasiýalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryndan ybaratdyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, çäräniň işewürlik we medeni maksatnamasy bilermenleriň 100-e golaý sessiýalaryny, «Russiýa – Yslam dünýäsi» Strategiki gözegçilik toparynyň mejlisini, söwda-senagat edaralarynyň halkara forumyny, «Russia Halal Expo» sergisini, halal önümleriň ýarmarkasyny, yslam moda festiwalyny we Tatarystan Respublikasynyň ruhy -taryhy ýerlerine gezelençleri öz içine alýar.

Çärä gönüden-göni gatnaşyk we onlaýn görnüşlerde geçirilýär. Forum we gatnaşyjylaryň hasaba alynmagy baradaky ähli maglumatlar www.kazanforum.ru resmi saýtynda elýeterlidir.

Aýnabat ISMAILOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok