Iň ynamsyz açarsözler yglan edildi

Açarsözler boýunça işleýän NordPass saýty 200 sany iň ynamsyz we köp ulanylýan parollaryň sanawyny işläp düzdi. Sanaw kiberhowpsuzlyk boýunça özbaşdak ekspertleriniň topary tarapyndan taýýarlanyldy.

Sanawda orun alan iň ynamsyz parollar sanlardan düzülen parollar hasaplanýar:

1-nji orun – 12345
2-nji orun – 123456
3-nji orun – 123456789

Şeýle hem, password, qwerty, iloveyou, princess  ýaly parollar köp ulanylýan parollaryň hataryna girýär. Mundan başga-da adamlar öz atlaryny, gowy gören sport oýunlarynyň atlaryndan hem köp peýdalanýarlar.

Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, beýle statistika ýylyň ýylyna gaýtalanýar. Olar beýle ýagdaýy adamlaryň açarsözi ýadyndan çykarmakdan gorkup, ýatlamasy ýeňil bolan parollary saýlaýarlar, şeýlelikde bu “ejiz” parollardan bolsa jenaýatçylar arkaýyn peýdalanyp bilýärler diýip, düşündirýärler.

Google ynamly açarsözi döretmekde aşakdakylara amal etmegi maslahat berýär.

  • Her bir akkaunt üçin aýratyn parol goýmagy;
  • Ýatlamagy aňsat bolan emma uzynrak parol goýmagy, mysal üçin, gowy gören aýdymyňyzyň belli bir setirini ýa okan kitaplaryňyzdaky meşhur sözleri ýa-da bolmasa özüňiz peýdaly bolan bir söz düzümini;
  • Şahsy maglumatlary – doglan sene, salgy hem-de adyňyzdan daşary maglumatlar.

Hudaýkul Altybaýew
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok