Biziň gündelik durmuşymyza sanly ulgam düýpli ornaşyp başlady. Ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň ählisi diýen ýaly sanly ulgamyň hasabyna amala aşyrylýar. Ýurdumyz Halkara internet toruna giňden aralaşyp, sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerinden ýerlikli hem-de netijeli peýdalanmagyna giň gerim berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Muňa Diýarymyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we senagat mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan ägirt uly işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýeti üstünlikli ösýär, täze pudaklar döreýär we bar bolanlary bolsa döwrebaplaşdyrylýar
Sanlylaşdyrma düşünjesi, umuman alanyňda, internet söwdasyny ösdürmäge, şeýle-de ýerli öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giňişleýin çäreleriň giň toplumyny durmuşa geçirmegi öz içine alýar. Şeýlelikde, içerki söwda pudagyny sanlylaşdyrmak pudagynda iki ugry tapawutlandyryp bolar. Sanly tehnologiýalar geljegi uly hyzmatlar bazarlarynyň ösmegini, hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň üpjün edilmegini hem-de netijeliliginiň artdyrylmagyny şertlendirýär.
Sanlylaşdyrmak türkmen telekeçileri üçin hem uly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça işleýän hususyýetçileriň sany hem barha köpelýär. “ IT – Park ” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “ Sanly ulgam ”, “ Türkmen – tranzit ”, “ Sanly tehnologiýa merkezi ”, “ Imdat Elektronik ” hususy kärhanasy ýaly hususy pudagyň wekilleriniň bu ugurda toplan tejribesi işewürligiň innowasion esasda ösdürilmegine giň mümkünçilikleri döredýär.
Sanly özgerişlik diňe döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, döwrebap enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň, maglumat serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny däl-de, eýsem, dolandyrmaga çemeleşmelerde düýpli özgertmeleri göz öňünde tutýar, bu bolsa kärhanalary ösdürmegiň innowasion usullaryna tarap ýol açýar.
Jeren ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
talyby.
Teswirler