Türkmenbaşy deňiz portuna 2024-nji ýylyň ilkinji gury ýük gämileri gelip durdy

Golaýda, ýagny 11-nji ýanwarda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň terminalyna Bakuwdan ýük daşaýan «Türkmenistan» atly gury ýük gämisi gelip durdy. Onuň yzysüre bolsa konteýnerler ýüklenilen «Magtymguly» atly gury ýük gämisi porta geldi. Bular 2024-nji ýyldaky ilkinji gury ýük gämi gantawlarydyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylda gury ýük gämileri Türkmenistanyň deňiz ýük daşaýjysy bolan «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň önümçilik meýilnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine önjewýli goşan goşupdylar. Häzirki bar bolan ugurlar Türkmenbaşyny Astrahan, Aktau, Mahaçkala, Baku, Ýenizeli, Nauşehr, Bender-Türkmen portlary bilen birleşdirýär.

Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň gämileriniň 2023-nji ýylda 2 million tonnadan gowrak ýükleri daşandygyny bellemek gerek.

Azat HALMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok