Türkmenistan 7,41 milliard amerikan dollaryna deň tebigy gazy Hytaýa eksport etdi

Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 7,41 milliard amerikan dollaryna deň tebigy gazy Hytaýa eksport etdi.

Türkmenistan hasabat döwründe Hytaýa tebigy gaz eksport etmekde ikinji orundan ýer aldy. Sanawyň birinji basgançagyny şu ýylyň dokuz aýynda umumy bahasy 8,92 milliard amerikan dollaryna barabar tebigy gazy Hytaý bazaryna iberen Russiýa Federasiýasy eýeledi. Şeýle-de ilkinji bäşlikden Indoneziýa (2 milliard dollar) Mýanma (1,12 milliard dollar) hem-de Gazagystan (959 million dollar) orun aldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Hytaýa iberilen türkmen gazynyň umumy bahasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 90 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Has takygy, 2022-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan umumy bahasy 7,32 milliard amerikan dollaryna barabar «mawy ýangyjy» Hytaýa eksport edipdi.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok