“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisi gurlar

Häzirki wagtda ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda deňiz söwda ulgamy has-da ösdürilýär. Muňa mysal hökmünde milli deňiz söwda flotyna degişli “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmak meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlaryň deňiz portlaryna daşamakda yzygiderli hyzmat edýän milli söwda flotynyň “Balkan”, “Magtymguly” we “Türkmenistan” gury ýük daşaýan gämileri yzygiderli hereket edýärler. Türkmenbaşy deňiz porty 2022-nji ýylda jemi 684 sany gury ýük gämisini kabul etdi. Olaryň 20 göterimi milli söwda flotunyň gämileri bolsa, 80 göterimi daşary ýurt gämileridir.

Ýurdumyzda daşalýan gury ýükleriň aglabasy Türkmenbaşy porty bilen Baku, Astrahan, Aktau portlarynyň arasynda daşalýar. Mundan başga-da Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy aralygynda konteýner fider gatnawlaryny “Balkan” gury ýük gämisi bilen amala aşyrylýar.

Häzirki günde Azerbeýjan döwletiniň 15- den gowrak, Russiýa Federasiýasynyň onlarça gury ýük gämileri Hazar deňziniň üsti bilen halkara gatnawlary amala aşyrylýar. Biziň milli deňiz söwda flotumyzda bolsa häzirki wagtda 3 sany gury ýük gämileri hereket edýär.

Şeýle-de biziň gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodlarymyz Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen gepleşikleri geçirip bilelikde iş alyp barýarlar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, harytlary import we eksport etmekde ygtybarly söwda ýollaryny üpjün edýän milli söwda flotyň kämilleşmegi, ösdürilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň agyr senagatynda bu maksada ýetmekde “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmak baradaky taslama örän ähmiýetlidir.

Nurberdi ADYLOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok