Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda okuw sapagy geçirildi

2023-nji ýylyň 22-23-nji maýynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň gurnamagynda “Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda energetika diplomatiýasy: ÝHHG-niň öňdebaryjy tejribesi” atly sanly ulgam arkaly okuw sapagy geçirildi.

Okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. 

Okuw sapagynda häzirki wagtda dünýäde energiýa çeşmeleriniň ulanylyşy, howpsuz ýollar arkaly eksport edilişi, bu babatda alnyp barylýan işler we durnukly energetika bazaryny emele getirmegiň meseleleri hakynda söhbetdeşlik boldy. Okuw sapagy bu babatda uly mümkinçilikleri özünde jemleýän energetika diplomatiýasyny has çuňňur öwrenmekde we ony halkara derejesinde ulanmagyň usullaryny işläp düzmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Merdan ÝAGMYROW,
Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok