174 döwletiň gatnaşmagynda geçiriljek “AIM GLOBAL 2023” maýa goýum forumy

2023-nji ýylyň 8-10-njy maý aralygynda BAE-niň Abu-Dabi şäherinde “Maýa goýumyň özgeriş nusgasy: Durnukly ykdysady ösüş, dürlülik we gülläp ösüş üçin hyzmatdaşlygyň geljekki maýa goýum mümkinçilikleri” ady bilen maýa goýum forumy geçiriler. Bu geçirilýän 12-nji forum dünýäniň iň uly maýa goýum forumy bolmagyna garaşylýar.

Bu forum dünýä liderlerini, hökümet wekillerini, syýasatçylary, maýadarlary we global meseleleri çözmek dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini tizleşdirmek isleýänleri birleşdirýän maýa goýum forumydyr.

Forumyň başlygy Dawud Al Şezawi: “Bu forum BAE-niň global maýa goýum kartasyndaky ornuny berkitmekde we ýakyn 50 ýylda Emirlikleriň ösüşine itergi bermekde üstünlik gazandy” diýip, belläp geçdi.

Şeýle hem forum 160 sany mejlisden ybarat bolup, oňa 600-den gowrak wekiller gatnaşar. Mundan başga-da belläp geçsek, foruma 174 döwletden 11,5 müň adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

    Laçyn ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok