Türkmenistanda wodorod energetikasyny döretmegiň we ösdürmegiň maddy-tehniki esaslandyrmasy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem energetika diplomatiýasydyr. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» işlenip düzüldi we tassyklanyldy. Bu taslamanyň esasy maksady pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek baradaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekden, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan we pugtalandyrmakdan zerur bolan çäreleri amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça milli strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam bermek, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda ösýän we eksporta gönükdirilen wodorod energetika pudagyny döretmek zerur bolup durýar.

Ýurdumyzda «ýaşyl» ösüş strategiýasy öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara daýanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini özleşdirmek, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda häzirki zaman, ekologik taýdan arassa we tygşytly «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Wodorod önümçiligi dünýäniň ösen ýurtlarynda «geljegiň ýangyjy» strategiýasy hökmünde işlenip taýýarlanylýar. Dünýäde takmynan 75 million tonna wodorod öndürilýär. Wodorod önümçiligi üç esasy çeşmä bölünýär. Elektrik enjamlarynyň kömegi bilen bary-ýogy 100 müň tonna wodorod öndürilip, ol hem takmynan 0,1 göterim çykarylýar. Esasy möçber, ýagny wodorodyň 95-96 göterimi tebigy gazyň metanynyň we kömrüň (SMR) bug konwersiýasy netijesinde gazylyp alynýan ýangyçdan emele gelýär. Şeýle usul bilen alnan «önüm» köplenç «çal wodorod» diýlip atlandyrýarlar, kömrüň gazlaşdyrylmagy arkaly döredilen önüm bolsa «mele wodorod» diýlip atlandyrylýar. Kömürturşy gazyň alynmagy we saklanylmagy arkaly çal ýa-da mele wodorodyň garyndysyna «gök wodorod» diýilýär. «Ýaşyl wodorod» bolsa, suwuň elektrolizinde Gün energiýasynyň ulanylmagy bilen emele gelýär. Häzirki wagtda wodorodyň şu görnüşi gymmat hasaplanylýar hem-de has elýeterli «çal» görnüşi bilen bäsleşip bilmeýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, golaýda ýokary okuw jaýymyz bolan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen maslahata daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, meşhur alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, şeýle hem 20-den gowrak döwletiň ylym-bilim ulgamynyň 100-e golaý hünärmeni gatnaşdy.

Üstünlikli geçen halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde uniwersitetiň giň foýesinde täzeçil taslamalara we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy strategik ugurlarynyň biri bolan nebit we gaz pudagyna bagyşlanan hem-de Döwlet muzeýiniň eksponatlary ýerleşdirilen sergi guraldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen bagly alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Jeren TEKÄÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyllyk talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok