Ykdysady kuwwat — geljege binýat

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, senagat pudagyny has-da ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagatyny ösdürmäge, şeýle hem innowasion önümçilikleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu maksatlar 2030-njy ýyla çenli Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna hem doly gabat gelýär. Ýurdumyzda sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we şonuň esasynda hojalyk gatnaşyklarynyň has kämil görnüşine geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

Häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň ykdysadyýete has içgin ornaşdyrylýan döwründe sanly çözgütler uzakmöhletleýin ykdysady ösüşiň we ýokary zähmet öndürijiliginiň gazanylmagyny üpjün edýär. Şol birwagtda ykdysadyýetiň sanly ösdürilmegi ýurduň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat tehnologiýalarynyň we telekommunikasiýalaryň paýynyň artmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, elektron söwda we beýleki sanly ýörite ykjam goşundylar kiçi kärhanalaryň we işewürligiň global söwda ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berip, olaryň dünýä bazarlaryna çykmaklaryna şert döredýär. Sanly tehnologiýalar işewürlikde harajatlary peseltmäge, tutuş dünýäde üpjün etmegiň ähli tapgyryny ösdürmäge hem-de harytlaryň we hyzmatlaryň ýerlenilişini ýeňilleşdirmäge ýardam edýär.

Bäsdeşligi ýokarlandyrmagyň, zähmet öndürijiligini artdyrmagyň we innowasiýalaryň, şeýle hem ýokary hünär derejeli işgärleri işe çekmek mümkinçiliklerini giňeltmegiň hasabyna harajatlaryň azalmagy we söwdanyň ösüşi, umuman, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda bilim ulgamynyň mümkinçilikleri örän uludyr.

Goý, berkarar Diýarymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Täçnabat GULBERDIÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok