Atajan Begjanow sergiden reňkli pursatlary paýlaşdy

“Bärde Biz” proýektiniň başlygy Atajan Begjanow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide öz hyzmatlary bilen tanyşdyrdy.

Sergidäki “Ak tam” gruppasynyň diwarlygynda bu topara degişli “Aktam Bazary”, “TM Business Group”, “Akenmar” ýaly biznesleriň alyp barýan işleri görkezildi.

Türkmenistanda B2B we B2С biznesleri alyp barýan kärhanalaryň we telekeçileriň uly bölegini özünde jemleýän “Bärde Biz” biznes katalogunyň 3-nji sany bu sergide halk köpçüligine paýlandy.

Bu proýektiň başlygy Atajan Begjanow katalogyň täze sanyny paýlamak bilen galman, sergä gatnaşýan beýleki biznesleriň diwarlyklaryny öz sosial ulgamlary arkaly halk köpçüligi bilen tanyşdyrdy.

Atajan Begjanow sergiden garaşan netijesini alandygyny, öz müşderileriniň mahabatlandyryş we tanyşdyryş işleri üçin giň gerimli işleri mundan beýläk hem dowam etjekdigini belleýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok