Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyny asyrlyk arzuwyna ýetirdi. Indi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň esasynda arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, hakykatyň we adalatyň dabaralanýan ýurduna, adamy döwletiň we jemgyýetiň iň gymmat hazynasy hökmünde görüp, onuň bagtyýar durmuşynyň yzygiderli üpjün edilip, nesillerden – nesillere geçirilmeginiň kepillendirilýän ýurduna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, türkmenistanyň abraý-mertebesiniň dünýäde dabaralanmagy ugrundaky başlangyçlary, türkmeniň şahsyýetlerine, gadymyýetine goýýan hormaty mizemezdir.
Gahryman Arkadagymyzyň iş ýörelgelerinde ata – babalarymyzyň ýoluny kämilleşdirip ösdürmek, olaryň öwüt-ündewlerine eýermek, iň esasy zat bolsa, agzybirlik, jebislik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, adama hormat goýmak ýaly ýörelgeleri dowamat-dowam etdirmek esasy mesele bolup durýar.
Gündogar halklarynyň taryhyny öwreniji alym Bartold: “Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir” diýip belleýär.
Professor Wamberi: “Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmatlygy onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygydyr” diýýär. Munuň özi nusgawy şahyryň edebiýat bilen bilelikde türkmen diliniň esaslandyryjysydygyny hem dünýä subut edýär.
Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip: “ Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi” diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyz: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýip belleýär.
Ata babalarymyzdan miras galan terbiýe, milli ýörelgeler bu günki gün nusgalyk mekdebe öwrüldi. Aýratyn hem özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmaty örän uludyr. Magtymgulynyň keşbi mertligi, batyrlygy, mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr, ynsanperwerligi wagyz-nesihat ediji ynsan hökmünde halkyň hakydasyna siňipdir.
Aýna Mammedowa
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy
Teswirler