Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Ýurtda maldarçylygyň ösen ulgamy döredildi. Häzirki wagtda pudakda häzirki zaman ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan maldarçylyk we guşçulyk fermalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.”
Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynda maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegi babatynda ençeme işler durmuşa geçirildi. Bu ugurda ýurdumyzyň döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň, fermalaryň, et we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi. Ýurdumyzyň maldarçylyk toplumlary, azyk senagaty kärhanalary barha döwrebaplaşdyrylyp, ilatyň barha ösýän isleglerini kanagatlandyrýan azyk önümleriniň görnüşleri has-da köpelýär.
Bazarlarymyzda süýt we süýt önümleriniň berekedini artdyrmaga mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Süýt» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «Akmaýa» azyk harytlary dükanynyň mysalynda hem muňa göz ýetirmek mümkin. Ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 1908-nji (ozalky Gündogar) köçesinde ýerleşýän «Akmaýa» azyk harytlary dükany 2020-nji ýylda işe girizildi. «Süýt» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gatyk, aýran, süzme, gaýmak, peýnir, ereme peýnir, uýadylan gaýmak ýaly süýt önümleriniň birnäçe görnüşi öndürilýär. Öndürilýän bu önümler täzeligine ilki bilen «Akmaýa» azyk harytlary dükanynda ýerleşdirilýär, soňra paýtagtymyzyň bazarlaryna, söwda nokatlaryna iberilýär. Dükanyň sowadyjy tekjelerinde rejelenip goýlan aýran, gatyk bilen baýlaşdyrylan dürli görnüşlerine, peýnir, ereme peýnir ýaly süýt önümlerine isleg barha ýokarlanýar. Mahlasy, «Akmaýanyň» ýokary hilli hem-de elýeterli bahasy bilen müşderileriň söýgüli harytlaryna öwrülen süýt we süýt önümleriniň alyjysy egsilenok.
Maldarçylyk pudagynyň ösüşi görkezýän üstünlikleriniň biri hem, 2018-nji ýylyň ahyrynda «Ajaýyp ussat – halal önümler» hojalyk jemgyýetine degişli bolan Bäherden etrabynyň Arçman demir ýol menziliniň günortasynda dag içinde, dünýä bazarynda ýokary isleg bildirilýän mermer etini öndürýän täze maldarçylyk fermasy işe başlady. Häzirki wagtda bu ýere ýörite tohum mallarynyň 300 başy getirilip, olary köpeltmek işleri alnyp barylýar. Bu gara mallaryň eti ýuka ýag gatlakly bolup, saglyk üçin örän ýokumly etleriň hataryna girýär. «Ajaýyp ussat – halal önümler» hojalyk jemgyýeti geljekde mallaryň baş sanyny 8 müňe ýetirmegi, ilatymyzy köp mukdarda arassa et we süýt bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Gülälek ANNAÝEWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa
institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Teswirler