Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan tebigy gaz boýunça ylalaşyga gol çekdiler

Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde  Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegine degişli ylalaşyk gazanyldy.

Ylalaşyga görä, 1.5-2 milliard kubmetr möçberindäki Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi göz öňünde tutulýar. Ugradylmagy göz öňünde tutulýan tebigy gaz “swap” görnüşinde iberiler.

Eýranyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistan Azerbaýjana her gün 5-den 6 million kubmetre çenli tebigy gazy iberer. Ylalaşyk şu ýylyň dekabryndan güýje girer. Bu ylalaşyk sebit hyzmatdaşlygynyň hem ösdürilmegine goşant goşar.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Sayed Ebrahim Raisi, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Aýna GARRYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok