SANLY BANK HYZMATLARY: DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bank ulgamy dowamly kämilleşdirilýär, raýatlarymyza döwrebap bank hyzmatlary hödürlenip, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi has hem artdyrylýar. Ulgama sanly bank tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işleri netijeli durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzda bank kartlary arkaly hödürlenilýän bank amallarynyň sany yzygiderli artdyrylýar, geçirilýän tölegleriň goraglylygy we howpsuzlygy üpjün edilýär. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesine laýyklykda alnyp barylýan işler raýatlarymyzyň girdeji çeşmeleriniň yzygiderli artmagyna hem-de olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has hem ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Raýatlarymyza hödürlenilýän bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, jemgyýetimize giňden ornaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilen.

Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatyna laýyklykda, innowasion tehnologiýalary bank ulgamynda yzygiderli ornaşdyryp, bank hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek, raýatlara täze bank hyzmatlaryny hödürlemek Türkmenistanyň bank ulgamynyň esasy wezipesi bolup durýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzda hereket edýän karz edaralaryna uly orun berilýär. Bildirilýän ynamy ödemek üçin Türkmenistanyň ähli karz edaralary ildeşlerimize ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemekde giň gerimli işleri alyp barýar. Banklar dürli hili karz hyzmatlaryny hödürlemek bilen, ildeşlerimiziň döwrebap bank hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda maksatlaýyn işleri amala aşyrýar. Şeýle hyzmatlaryň biri hem Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan ulanyjylara birikdiren «keşbek» hyzmatydyr. Bu hyzmat ulanyjylary nagt däl hasaplaşyklara höweslendirmekligi maksat edinýän bank hyzmatydyr.

Gülbahar TÄÇGULYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok