Döwletimizde ileri tutulýan ugur

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde ýur­du­myz­da mil­li bi­lim ul­ga­my­ny hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep yl­my­ny ös­dür­mek we dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my­ny has-da ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len «Türk­me­nis­tan­da hi­mi­ýa yl­my­ny we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny» tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky» Ka­rar ka­bul edil­di. Maksatnama la­ýyk­lyk­da, ýa­kyn bäş ýyl­da hi­mi­ýa yl­my­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp düz­mek ba­bat­da yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­mek, önüm­çi­li­ge yl­my-bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni or­naş­dyr­ma­gyň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek bi­len, yl­myň, bi­li­miň hem-de önüm­çi­li­giň ýa­kyn öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny üp­jün et­mek mak­sat edi­nil­ýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň himiýa pudagy üçin öňe süren wezipelerini üstünlikli amala aşyrymagy bilen, häzirki wagtda Türkmenistanda senagat potensialyny ösdürmäge we dünýä bazarlarynda eksportyň artmagyna gönükdirilen uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär. Öň­de goý­lan we­zi­pe­ler bi­len bag­ly­lyk­da, ze­hin­li alym­la­ryň tä­ze nes­li­ni, in­že­ner-teh­no­log­la­ry, hä­zir­ki za­man hi­mi­ýa yl­my ba­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, şeý­le hem ýa­kyn­da­ky we uzak­da­ky da­şa­ry ýurt­la­ryň ugur­daş yl­my eda­ra­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar bo­lar. Beýleki pudaklarda bolşy ýaly, gaýtadan işleýän senagatda himiýa pudagyna möhüm orun degişlidir. Bu pudak milli ykdysadyýetimizi ösüşiň çig mal serişdeleri ýolundan täze pudaklaryň kemala gelmegine geçmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm wezipeleriniň çözgüdini emele getirýär.

Türk­men top­ra­gy­nyň baý ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry ýur­du­my­zyň gen­ji-ha­zy­na­sy­dyr, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň bin­ýa­dy­dyr. Sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gyn­da­ky baý we gym­mat­ly çig mal se­riş­de­le­ri­miz hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny bat­ly dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Daýanç KULIÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok