Ýurdumyzda hasyl toýy belleniler

Ýurdumyzda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbe uludan Hasyl toýy bellenilip geçiler. Bu baýramçylyk orak, ekerançylyk we pagta ýygymy möwsüminiň tamamlanandygyny aňladýar. Şonuň üçin hem geçiriljek esasy dabaralar oba hojalyk işgärlerine, daýhanlara, mülkdarlara, agronomlara, seleksiýaçylara we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşlerine bagyşlanar.

Her ýyl däp bolşy ýaly, bu möhüm waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerli daýhanlaryň şu ýylky gazanan üstünliklerini jikme-jik beýan edýän sergiler gurnalar. Mälim bolşy ýaly ýurdumyzyň ähli welaýatlary diýen ýaly «ak altyn» hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçlarynyň üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Şeýle hem miwe we gök ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň we zaýasyz ýygnamagyň görkezijileri hem ýokarlandy. Mysal üçin, Murgap düzlüginiň daýhanlary gant şugundyryndan bol hasyl aldylar. Aýratyn hem, şitilhana hojalyklaryny köpeltmegiň hasabyna bolsa, Türkmenistanyň oba hojalykçylary şitilhana pomidorynyň eksportyny iki esse artdyrdylar.

Ýurdumyzyň oba hojalygynyň esasy pudaklary bolan maldarçylyk, guşçylyk hem mallary ösdürip ýetişdirmek we semretmek boýunça görkezijilerini ýokarlandyrdylar. Geçen ýylky bilen deňeşdirilende, ýurtda gara malyň, dowaryň, düýäniň we guşlaryň sany artdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýylda 30 tonna guş etini öndürmäge ukyply döwrebap guşçylyk kärhanalary gurulýar.

Döwletgeldi ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok