Hytaý Halk Respublikasy suwuklandyrylan gazyň importy boýunça ilkinji orna çykdy

Hytaý Halk Respublikasy soňky üç aýdyr, turbageçirijiler arkaly akdyrylýan tebigy gazyň importy boýunça rekordlary yzygiderli täzeläp gelýär. Bu barada  “Interfax” habar berýär.

Hytaý gazy, esasan, Russiýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Mýanmadan satyn alýar. Importyň gurluşy we onuň çeşmeleri barada anyk maglumatlary hytaý gümrükhanasy öňdäki annadan çap etmekçi. Şol bir wagtda Hytaýyň suwuklandyrylan gazy hem köp satyn alýandygy aýdylýar, mysal üçin, şu ýylyň awgustynda bu ýurt 6,75 million tonna suwuklandyrylan gazy satyn aldy. Iýulda bu görkeziji 6,652 million tonna deň bolupdy.

Hytaý soňky 12 aýda (09.2020-08.2021) dünýäde suwuklandyrylan gazyň importy babatda ilkinji orna çykdy. Gazyň bu görnüşini HHR-e, esasan, Awstraliýa, Malaýziýa, Indoneziýa, ABŞ, Katar, Russiýa satýar.

Tawus AÝDOGDYÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok