Şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahaty geçiriler. Bu iri halkara foruma gatnaşmak üçin 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalaryndan we daşary ýurt banklaryndan wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşmaga isleg bildirýärler.
Forumyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar geçiriler.
Onuň “Pes uglerodly energetika” meselelerine bagyşlanan bölümleriniň biri bolsa, BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisinden teleköpri arkaly guramak meýilleşdirilýär.
Hesel ANNAKULYÝEWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.
Teswirler