Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada beren birnäçe tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygider artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sebäbi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeleriň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.
Sanly ykdysadyýet – bu hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy faktory sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşlerinden tapawutlylykda dürli önümçilikleriň, tehnologiýalaryň, enjamlaryň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň getirilişiniň, saklanylyşynyň we ýerlenilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle oňaýlyklar sanlaşdyrylan ykdysadyýeti köp döwletler üçin özüne çekiji edýär.
Häzirki ýaşaýan maglumat jemgyýetimizde önümçilige garanyňda hyzmatlar ulgamy agdyklyk edýär. Şu sebäpli-de maglumat tehnologiýalary esasy orun eýelemek bilen, ol adamlara hyzmat edilişiň mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär. Internetiň ýüze çykmagy we bu global tora elýeterliligiň bahasynyň peselmegi dünýäde hakyky maglumat öwrülişiginiň bolup geçendigini, onuň netijesinde durmuşymyzyň, şol sanda ykdysadyýetimiziň özgerýändigini görkezýär. Häzirki döwürde durmuşymyza yzygiderli ornaşýan, hemmämiz üçin elýeterli bolan elektron tölegler, internet-söwda, internet-mahabatlandyrma sanlaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň diňe käbiridir. Şunda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň netijesinde sarp edijileriň gymmatly wagtlarynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegine, kagyz göterijide ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyna-da sanlaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary hökmünde baha bermek bolar.
Bibi HOJAMGULYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň
uly mugallymy.
Teswirler