2021-nji ýylyň başyndan bäri ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgininiň 111,6%, eksportynyň bolsa 134,5% barabar boldy. Meýilnama, degişlilikde 113.3 we 178,1% ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň elektrik energiýasy pudagynyň we eksport mümkinçiliginiň şeýle çalt ösmegi soňky ýyllarda amala aşyrylýan maksatly syýasatyň netijesidir. Bu pudaga uly möçberde maýa goýulýar, dünýäniň tehnologiýa taýdan ösen ýurtlary bilen bilelikde uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik desgalarynda innowasion, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar ulanylýar.
Ýurduň energiýa ulgamynyň umumy kuwwatyny Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan we sebitde asla meňzäri ýok 1574 megawatt kuwwatly birleşdirilen bug-gaz elektrik stansiýasy ýaly täsin desgalar artdyrylyp, gidroelektrik stansiýasynyň jemi kuwwaty iki esse köpeldildi. Ýakyn geljekde bug we gaz turbinalaryny ulanmak bilen, Ahal hem Daşoguz welaýatlaryndaky elektrik beketlerini garyşyk režime geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Çärjew etrabynda ýerleşýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde “Sumitomo Corporation” we “Mitsubishi Hitachi Power” we “Rönesans Holding” türk şereketiniň gatnaşmagynda gurlan täze gaz turbinaly elektrik bekedi işe girizildi. Onuň işe girizilmegi bilen, ýurduň energiýa ulgamynyň kuwwaty ýene 432 megawat artdy, bu bolsa içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrdy we Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyz sebitde iň uly elektrik eksport ediji ýurt bolup durýar. Ýurdumyz indi köp ýyldan bäri Merkezi Aziýanyň birnäçe döwletlerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.
Züleýha ATAMURADOWA,
Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler