Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda halkymyzyň gelejegi üçin ähmiýetli bolan ylym ulgamyny ösdürmeklige bagyşlanan meseläni durmuşa geçirmek boýunça uly işlere badalga berilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň ylmynyň ösüşiniň hil taýdan täze, ýokary derejä göterilmegine güýçli itergi berýär. Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy ugurlarynyň ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, olaryň ylym we önümçilik ulgamlary bilen jebis arabaglanyşygyny üpjün etmeklige, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaklyga we täze maglumat infrastrukturasyny döretmeklige gönükdirilendir.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär.
Döwletimiziň sanly ykdysadyýete öz wagtynda we üstünlikli geçmeginiň girewi bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmekdir. Ähliumumy ýokary tizlikli telearagatnaşyk ulgamlarynyň ähli raýatlar we ykdysadyýetiň pudaklary üçin elýeterli bolmagy kabul edilen Konsepsiýada göz öňünde tutulýan wezipeleriň amala aşyrylmagynyň esasyny düzýär.
Ýurdumyzda ileri tutulýan sanly ugurlaryň we ylmy gözlegleriň meseleleriniň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ylmynyň ösüşine, innowasiýa amallarynyň çaltlaşdyrylmagyna, önümçiligi tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna içerki jemi önümiň artmagyna, önümleriň we tehnologiýalaryň düýpgöter täze görnüşleriniň özleşdirilmegine ýardam berer.
Amantäç ANNAGULYÝEWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Maglumat tehnologiýalary
kafedrasynyň müdiri.
Teswirler