Gojaman Hazaryň türkmen kenary halkara derejedäki çäreleriň — duşuşyklaryň, forumlaryň, maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu günki günde Awazanyň gözel kenary sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öz içine alýan, köptaraply döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge ýardam etjek taryhy ähmiýetli möhüm waka — Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we şonuň bilen utgaşyklylykda beýleki möhüm çäreler geçirilýär.
Şypaly hem sapaly kenarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän taryhy duşuşygyň çäklerinde hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi guralýar. Sergi doganlyk halklaryň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikdir. Diňe bir tanyşmak däl, munda köp sanly geleşikler, türkmen önümleriniň daşarky bazara çykarylmagyna, täze hyzmatdaşlyklaryň döremegine hem ýol açylar.
Awazanyň kenarynda bu gezekki ýaýbaňlandyrylýan sergä türkmen işewürleriniň 30-dan gowragy gatnaşýar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň hususy pudagynda baý tejribe toplap, netijeli işleri bilen tanalýan «Parahat», «Miweli ülke», «Ak toprak» hususy kärhanalary, «Hasar», «Owadan ülke», «Täze aý» önümleri» hojalyk jemgyýetleri, «Parasatly» daýhan hojalygy, «Hazar balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri türkmen topragynyň ýokary hilli azyk önümlerini sergileseler, «Aýbölek», «Çigildem» mebel fabrikleri, «Derýaplastik», «Aýdyň gijeler», «Rysgally ussat», «Bir dünýä», «Ak gaýa», «Muhammet Balkan», «Ak bulut» hojalyk jemgyýetleri, «Täç hil», «Röwşen», «Mähirli zenan», «Bir kuwwat» hususy kärhanalary, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze tehnologiýalarda öndürilen senagat önümleriniň baý görnüşini görkezýär.
Geçiriljek forumyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şonuň ýaly-da möhüm sebit we halkara ugurlara degişli meseleleriň giň topary girizildi. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda, özara gatnaşyklaryň netijeli, uzak möhletleýin gurallaryny döretmekde, sebitiň durnukly ösüşi, onuň dünýä gatnaşyklaryna çalt depginlerde goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmekde nobatdaky möhüm ädim bolar. Awaza sammitiniň çäklerinde geçiriljek çäreler sebit ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bilen jemlener.
Atajan AZIZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler