Şibuýa çatrygynda medeniýetleriň alyş çalyşy

Tokio şäheriniň meşhur Şibuýa çatrygynda geň hadysa bolup geçdi. Ýaponiýa döwletine zähmet dynç alyşyna gelen türkmenistanlylaryň arasynda milli lybasda saýlanyp duran Nurgeldi Bazarow, gyrmyzy don we telpegi bilen köpçüliginiň ünsüni özüne çekýär.

Nurgeldi aga çaga lukmany. Ol Tokioda maşgala agzalary bilen dynç alýar.

Şeýle-de Ýaponiýanyň Fuji TV teleýaýlymynyň «Konya wa Nazotore» gepleşiginiň ýazgy topary hem Nurgeldi agany bir gepleşige çykyş etmäge çagyrýar.

Bu gepleşik ilki bilen myhman bilen tanyş bolýar. Yzyndan ýapon sözleriniň ýazylşyny ýatda saklamak ukybyny barlap görýär.

Alyp baryjy ilki bilen sözi görkezýär. Soň ak kagyz we boýag kisti berip ýadynda galanlary ýazmagy talap edilýär.

Ýapon harp ulgamy bilen tanyş bolmadyk Nurgeldi aganyň görkezen netijeleri alyp baryjyny kanagatlandyrýar.

Ýazgy gutarandan soň bolsa gepleşigiň taýýarlaýyjylary türkmen milli lybaslary, geografiki ýerleşişi, syýahatçylyk aýratynlyklary bilen gyzyklandylar.

Şeýlelikde iki döwletiň wekilleriniň arasynda medeniýet alyş-çalyşy boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok