Ätiýaçlandyrmak işiniň esasy aýratynlyklary

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly, ykdysadyýetimizi diwersifikasyýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakda ätiýaçlandyryş babatyndaky işlere işjeň gatnaşmaga we ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilendir.

Ätiýaçlandyrmak işi fiziki şahslaryň we hojalyk subýektleriniň, olaryň ätiýaçlandyrmak bilen bagly zerurlyklary ýüze çykanda, bular babatyndaky pul möçberlerini tölemek maksady bilen, pul we beýleki gaznalary döredýän ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň hasabyna emläk we başga bähbitleriniň goralmagy boýunça gatnaşyklaryň ulgamy bolup durýar.

Ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş bazarynyň gatnaşyjylary bolup,   bu işe gatnaşyjy dellallary we wekilleri, fiziki we ýuridiki şahslar, ygtyýarly auditorlar hem-de bu babatdaky iş bilen baglanşykly telekeçilik işini amala aşyrýan beýleki taraplar bolup durýarlar.

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, hökmany we meýletin ätiýaçlandyryşyň görnüşleri bardyr. Ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşlerini geçirmek işi ýurdumyzyň döwlet ätiýaçlandyryş guramalary tarapyndan alnyp barylýar we bu babatdaky işiň geçirilmeginiň görnüşlerini, şertlerini hem-de tertibini belleýän we amala aşyrylýan ätiýaçlandyryş hökmany ätiýaçlandyryş bolup durýar. Meýletin ätiýaçlandyrmagyň görnüşleri ätiýaçlandyryjylar tarapyndan özbaşdak kesgitlenip, baglaşylýan şertnamalar esasynda amala aşyrylýar.      

Ätiýaçlandyrmak babatdaky işiniň esasy görnüşleriniň biri-de, ätiýaçlandyrmak ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolup durýar we bu işleriň işjeňligi ygtyýarly döredilen guramalar tarapyndan alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde ätiýaçlandyrmak işiniň bu maksadyna hojalyk subýektleriniň ätiýaçlandyryşy, olaryň emläk bähbitlerini haýsy hem bolsa bir garaşylmadyk, howply ýa-da durmuş derejesini peseltmäge ukyply tötänleýin hadysalardan, töwekgelçilikden gorap biljek gural hökmünde göz öňünde getirmek mümkindir.

 Ätiýaçlandyrmak işiniň esasy wezipeleriniň biri hem, bu ugurdaky hyzmatlarynyň görnüşleriniň has-da kämilleşen ugurlaryny fiziki şahslara we hojalyk subýektlere hödürlenmegi bilen, ygtyýarly guramalar tarapyndan bu işe gatnaşyjylara ätiýaçlandyrmagyň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan we ätiýaçlandyryş üpjünçiligini amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde we bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagynda hem-de ätiýaçlandyrmak hyzmatlary babatynda alnyp barylýan işlere ätiýaçlandyryş guramalarynyň işjeň gatnaşmagynyň netijesinde, göz öňünde tutulýan işleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm hil netijesini üpjün edýär.

Isgender Baýramow 
Türkmen   döwlet    ykdysadyýet   we

dolandyryş   institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok