“Senagat” bankynyň täze binasy açyldy

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy

12-nji aprelde paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän bu binanyň gurluşygyny “Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy alyp bardy.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryň möçberi boýunça ýurdumyzyň esasy bankydygyny bellemek gerek. «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Täze manat — täze durmuş», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum», «Ene-atalar hakynda alada», «Halkyň saglygy — Watan baýlygy», «Çagalar — biziň geljegimiz», «Bähbitli» goýumlaryny nagt we nagt däl goýumlaryň mysaly hökmünde belläp bolar.

Döwlet Baştutanymyz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze edara binasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdy. Onuň umumy meýdany 16 müň inedördül metrden gowrakdyr. Beýikligi bolsa, 76,5 metre, ini 35,5 metre barabardyr. “A” toplumda dolandyryş, hojalyk we tehniki otaglary ýerleşýär. 1-nji gatda 247 orunlyk maslahatlar zaly we beýleki otaglar, 2 — 11-nji gatlarda iş otaglary bar. Binanyň ýokarky gatlarynda bankyň ýolbaşçylarynyň iş otaglary ýerleşýär. “B” toplumda ikinji gatda amallar zaly, müşderiler bilen işlemek üçin otaglar, kassalar ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde gazna, naharhana, gulluk ulaglary üçin duralga bar.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzda bina edilýän häzirki zaman desgalarynyň ählisinde bolşy ýaly, bank edarasynda işgärler üçin amatly, doly kompýuterleşdirilen otaglary goşmak bilen, ähli şertler döredildi.

Bina durmuş üpjünçiliginiň ähli ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy. Binanyň içki bezeg işlerinde milli nakgaşlygyň nusgalary ulanyldy. Binanyň girelgesiniň öňündäki gök begresli meýdançada ýaş nahallar oturdyldy.

Mälim bolşy ýaly, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň öňdebaryjy täjirçilik banklarynyň biridir, ýurdumyzda bankyň 13 şahamçasy hem-de bir bank gullugy işjeň hereket edýär.

Bank ilkinjileriň biri bolup, kiçi we orta telekeçilige maliýe goldawyny berip başlady Onuň hyzmatlaryndan hususy telekeçiler, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, bilelikdäki kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri peýdalanýarlar. Mundan başga-da, bank ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak boýunça işleri geçirýär. “Senagat” banky “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylaryň biridir.

Häzirki wagtda bank ilatyň isleglerini we tekliplerini nazara almak bilen, dürli şertleri bolan goýumlaryň 9 görnüşini hödürleýär.

Karz syýasatyna laýyklykda, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky bazarlary haryt bilen doldurmak, täze iş orunlaryny döretmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalar we telekeçiler üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda müşderileriň isleglerine baglylykda, bank ýuridik şahslara we hususy telekeçilere önümçilik karzlarynyň dürli görnüşlerini teklip edýär.

“Senagat” banky ulag hyzmatlary, saglygy goraýyş we bilim ulgamlary, hyzmatlaryň beýleki görnüşleri üçin nagt däl hasaplaşyklaryň, bank karzlarynyň möçberini artdyrýan döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar. «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky paýtagtymyzyň jemgyýetçilik ulaglarynda — awtobuslarda tölemäge niýetlenen nagt däl hasaplaşygy üçin gurluşy oturtdy, elektron kartlary boýunça nagt däl hasaplaşyk hyzmatlaryny ýola goýdy.

Bankyň işiniň sanly ulgama geçirilmegi müşderiler üçin mümkinçilikleri artdyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar boýunça amallary ösdürmäge, hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşleriniň — «Internet-banking», «Mobil-banking», “Galtaşyksyz töleg”, «Goýum bank karty», «Maşgala», «Ýol karty» hyzmatlarynyň peýda bolmagyna ýardam etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň, müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň we olary artdyrmagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Senagat ähli ugurlarda — gurluşykda hem, ulaglarda hem, beýleki ulgamlarda hem bar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçiriljek işleriň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamany üstünlikli amala aşyrmaga hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Agameret Jumahanow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk istitutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok