“Türkmenbaşy” bankynyň täze binasy açyldy

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň dolandyryş edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy

12-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň dolandyryş edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly senä — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

“Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan bankyň täze binasy Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Döredijilik toparlary bu waka mynasybetli ajaýyp çykyşlaryny taýýarlapdyrlar. Sazly-horeografiýa sahnasynda gündogar hökümdarlarynyň köşk gaznasynyň baýlygyny görkezýän görnüşler, şonuň ýaly-da, asyrlaryň jümmüşinden gelýän söwda däpleri janlandyryldy.

«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky hyzmatlaryň möçberi boýunça ýurdumyzyň esasy bankydyr. Dürli ýaşdaky raýatlar üçin «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň «Pensiýa», «Ruhubelent nesiller», «Watan gerçekleri», «Möhletli», «Zenan kalby» atly goýumlaryny nagt we nagt däl goýumlaryň mysaly hökmünde belläp bolar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň binasyna baryp, maliýe edarasynyň täze desgasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdy. Ulanylmaga berlen bank edarasynyň on bäş gatly belent binasyny görkezmek bolar. Şol binalar paýtagtymyzyň işewürlik böleginiň binagärlik toplumyna sazlaşykly utgaşýar.

Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrakdyr. Edaralaryň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we naharhana, dürli maksatly beýleki otaglar ýerleşýär. Köp sanly gulluklar we hünärmenleriň iş otaglary-da hemme zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Täze binada gymmatlyklary ygtybarly saklamak düzgünlerini we şol bir wagtda müşderilere hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin hemme şertler göz öňünde tutuldy.

Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy gurnaldy. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler.

Häzir «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de onuň 23 sany şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär, 600 müňden gowrak müşderä hyzmat edip, olara amatly goýumlaryňdyr hyzmatlaryň giň görnüşlerini, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Bank işewürlik taslamalarynda karz bermek goldawyny amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda “Ýigit” ýyladyşhana toplumy hojalyk jemgyýeti, “Mizan” gallany gaýtadan işlemek boýunça zawodlar toplumy hojalyk jemgyýeti, azyk önümlerini öndürmek boýunça köp sanly kärhanalar bar. “Döwletli — Döwran” hojalyk jemgyýeti bankyň karz beren serişdeleriniň hasabyna keramiki bezeg kerpiçleriniň, “Ak çeşme” hojalyk jemgyýeti bolsa haly önümçiligini ýola goýdy.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” hem-de “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky öz işini yzygiderli kämilleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy we ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda durnukly içerki pul dolanyşygynyň wajypdygyna ünsi çekip, pul serişdeleriniň möçberiniň sazlaşykly dolandyrylmagy boýunça çäreleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Begenç Annageldiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk istitutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok