Ösüş we Parahatçylyk peýdasyna Halkara Sport güni

2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda BMG Baş Assambleýasy biragyzdan 6-njy apreli Halkara sport güni hökmünde bellemek kararyna geldi. Günüň resmi ady bolsa “Ösüş we Parahatçylyk peýdasyna Halkara Sport güni” diyip atlandyryldy.

Ösüş we parahatçylyk üçin halkara sport güni, “Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna” ýetmekde goşant goşmak ukybyny bellemäge mümkinçilikdir.

Sport, bilim, ösüş we parahatçylyk guraly hökmünde hyzmatdaşlygy, raýdaşlygy, çydamlylygy, düşünişmegi we ýerli, milli we halkara derejesinde sosial goşulyşmagy ösdürýär. Toparyň ruhy, dogruçyllyk, tertip-düzgün, garšydašyña hormat goýmak we oýun düzgünleri bejay etmek ýaly içerki gymmatlyklar bütin dünýäde kabul edilýär we raýdaşlygy, jemgyýetçilik agzybirligini we parahatçylykly ýaşaşmagy ösdürmek üçin ulanylyar.

Sport dünýäni üýtgetmek ukybyna eýedir. Sport ähliumumy dil hökmünde parahatçylygy, çydamlylygy we düşünişmegi ösdürmek, ähli serhetlerden geçmek we adamlary birleşdirmek üçin güýçli gural bolup biler. 

Şol sebäpli Birleşen Milletler Guramasy ähli döwletleri, BMG ulgamynyň guramalaryny, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş we Parahatçylyk boýunça Ofisini, şeýle hem halkara, sebit we milli sport guramalaryny, raýat jemgyýetini, şol sanda hökümete degişli bolmadyk guramalary çagyrýar. 

6-njy aprelde bellenilýän Halkara Ösüş we Parahatçylyk Sport güni, sportuň we bedenterbiýe işjeňliginiň dünýädäki adamlaryň durmuşynda möhüm ornuny görkezmäge mümkinçilik berýär.

.

Merdan Çerkezow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok