«Türkmenawtoulag» agentliginiň kärhanalarynyň arasynda geçen ýylda gazanan netijeleri boýunça «Ýylyň göreldeli kärhanasy» adyna eýe bolan «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler. Kärhanada şu ýylyň üç aýynda ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Meýilleşdirilen 8 million 315 müň manadyň ýerine 9 million 785 müň 300 manatlyk hyzmat ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde meýilleşdirilen 483 müň tonnanyň ýerine 489 müň tonna ýük daşaldy. Welaýatyň çäginde hyzmat edýän awtoulaglar arkaly 5 million 672 müň ýolagçy gatnadylyp, bu baradaky meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Kemal Haýdarow,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler