Zehinli ýaşlar – geljegiň röwşeni

Ýaş zehinleri ýüze çykarmakda geçirilýän ýerli we halkara olimpiýadalaryň sany gün geçdikçe artýar. Bu bäsleşikler ýaşlara ruhy höweslendiriji bolup hyzmat etmek bilen bir hatarda olaryň ukyp başarnyklaryny hem açyp gökezýär. Şeýle olimpiýadalaryň biri hem  ýaňy ýakynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta  şäherinde geçirildi. Halkara derejesinde geçirilen bu olimpiýadanyň ady  “International Eduversal Mathematics Competition” diýlip atlandyrylyp, dünýäniň 53 ýurdyndan gatnaşan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirildi. Biziň ýurdumyzdan hem mekdep okuwçylary bäsleşige gatnaşyp öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Jemi 11 sany okuwçy baýrakly orunlara mynasyp bolup, halkymyzy, mugallumlaryny, ene-atalaryny buýsandyrmagy başardylar. Biz hem halkara derejesinde geçirilen bu bäsleşikde 2-nji orna mynasyp bolan 49-njy orta mekdebiniň 7-nji synyp okuwçysy Akmyradow Begenç bilen söhetdeş boldyk.

Begenç bäsleşik nähili geçdi?

  • Ilki bilen men bu olimpiýada gatnaşandygyma diýseň begenýän. Meniň üçin diýseň gyzykly geçdi. Bir azajyk aljyradym, ýöne şonda-da öz başardygymdan berlen mysallary işledim. Olimpiýada iki sagat dowam etdi. 40 sany sorag berdiler. Olaryň 30-sy test, 10-sy ýazmaça görnüşinde boldy.
  • Her günde näçe sagat matematika dersinden özbaşdak okaýarsyň?
  • Adatça her gün 180 minut ýagny 3 sagat özbaşdak matematik meseleleri çözýärin. Mekdepde okatýan mugallymlarymyň kömegi bilen her gün täze zatlary öwrenýän. Bir zatlary hasaplamagy gowy görýärin. Ýadymy has ýitileşdirýändigi üçin bu deris maňa has gyzykly.
  • Matematikadan daşary haýsy dersler bilen gyzyklanýarsyň?
  • Matemetika meniň üçin birinji orunda durýar. Ondan daşary esasan dil öwrenmegi gowy görýän. Iňlis dili bilen has ýakyndan gyzyklanýaryn. Taryh dersinde hem köplenç ýyllar, sanlar bilen işlenilýändigi üçin taryhy hem özüme ýakyn görýärin.
  • Öň halkara derejesinde geçirilen bäsleşige gatnaşyp gördüňmi?
  • 2-nji klasda okaýan wagtym gatnaşdym. Ady doly ýadyma düşenok ýöne onda hem matematikadan gatnaşypdym.
  • Begenç biz saňa geljekde uly üstünlikler arzuw edýäri. Baýraklaryň höwrü köp bolsun!

Laçyn RAHMANOWA, 
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Şeýle-de okaň:
Türkmen okuwçylary 11 medal gazandy
Türkmenistanly ýaşlar 1 altyn, 1 kümüş medal gazandy
Körpe matematik kümüş medal gazandy
Halkara Eduversal matematika olimpiýadasy geçirilýär
Matematika – ylymlaryň şasy
Täze ösüşlere “Päk nesil” bilen gadam basýarys
Türkmen talyplary Halkara internet olimpiadasynda uly üstünlik gazandylar
Türkmen talyplary Ariel olimpiadada 16 medal gazandylar
Türkmen mekdep okuwçylarynyň halkara ders bäsleşigindäki üstünligi
Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylary halkara ders bäsleşigine gatnaşýar
Ýaşlar höweslendirilýär…
Aşgabatly mekdep okuwçylarynyň şu ýylyň ahyrynda täze halkara üstünlikleri

Teswirler

begench

sagbol

Nuryagdy

Berekella Begenç kakakaňdanam güýçli bol